Türkmenistanda çagalara beden temmisiniň berilmegi

Soňky gezek 2018-nji ýylyň iýun aýynda

Kanuna üýtgeşmeler girizildi. Beden temmisini bermek ähli ýerlerde, şol sanda öýde hem gadagandyr.

Beden temmisi bilen jezalandyrylmagyň gadagan edilmegi

Baş sahypa

Öýüň içinde beden temmisini bermek kanuna garşydyr. 2002-nji ýylda çykarylan Çaga hukuklarynyñ döwlet kepillikleri hakyndaky kanunynda şeýle beýan edilýär (resmi däl terjime): «(2) Çaganyñ ata-enesi onuñ sagdyn we sazlaşykly ösmegini üpjün etmek maksady bilen çaga hakda alada we hossarlyk etmäge, onuñ ösmegi we kämilleşmegi üçin şertleri döretmäge borçludyr... (3) Çaganyñ mertebesiniñ peseldilmegine, oña beden temmisiniñ berilmegine, onuñ saglygyna we hemmetaraplaýyn sagdyn ösmegine zyýan ýetirýän başga ynjytmalara ýol berilmeýär». 2012-nji ýylda çap edilen Maşgala kodeksiniñ 85-nji maddasynyñ 2-nji bölüminde şeýle beýan edilýär:  «Çaganyñ mertebesiniñ peseldilmegine, onuñ gorkuzylmagyna, oňa beden temmisiniñ berilmegine, onuñ saglygyna we hemmetaraplaýyn sagdyn ösmegine zyýan ýetirýän başga ynjytmalara ýol berilmeýär». 89-njy maddanyñ 2-nji bölüminde şeýle beýan edilýär: «Ata-ene öz ata-enelik hukuklaryny amala aşyranda çaganyñ beden we psihiki saglygyna, onuñ ahlak taýdan ösüşine zyýan (zelel) ýetirmeli däldir. Çagany terbiýelemegiñ usullarynda ynsan mertebesini peseldýän äsgermezçilikli, ýowuz çemeleşmekligi, çagany kemsitmekligi aradan aýyrmalydyr». Döwlet bu kararlary beden temmisini «ýeñillik derejesine seretmezden» gadagan edýän kararlar hökmünde tassyklady.[1]

 

Durmuş hyzmatlary edaralary

Çaga hukuklarynyñ döwlet kepillikleri hakyndaky kanuna (24-nji madda, 2002 ý.) we Maşgala kodeksine (85-nji madda, 2012 ý.) laýyklykda durmuş hyzmatlary edaralarynda beden temmisini bermek gadagandyr.

 

Çagalar edarasy

Çaga hukuklarynyñ döwlet kepillikleri hakyndaky kanuna (24-nji madda, 2002 ý.) we Maşgala kodeksine (85-nji madda, 2012 ý.) laýyklykda ýaş çagalar we uly ýaşly çagalar edaralarynda beden temmisini bermek gadagandyr. Mekdebe çenli çagalar edaralary barada hem 2013-nji ýylda çap edilen Bilim hakyndaky kanunyň 17-nji maddasyndaky («Mekdepler» babynyň aşagynda)  gadaganlyk degişlidir.

 

Mekdepler

2013-nji ýyldaky çykarylan Bilim hakyndaky kanunyň 17-nji maddasyna (6) laýyklykda mekdeplerde beden temmisini bermek kanuna garşydyr (resmi däl terime): «Bilim edarasyndaky tertip-düzgün okuwçylaryñ, talyplaryñ we aspirantlaryñ mertebesine sarpa goýmaklyk esasynda saklanylýar. Okaýanlar babatda fiziki we psihiki zorluk usullaryny ulanmaklyk gadagandyr». Çaga hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakyndaky kanunyndaky gadaganlyk (24-nji madda, 2002 ý.) çaga hossarlyk hukugyndaky ähli adamlara degişlidir. («Öý» bölüminiň aşagyna serediň).

 

Jeza beriji edaralar

Çaga hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakyndaky kanunyna (24-nji madda (3), 2002 ý.)  laýyklykda jeza beriş edaralarynda beden temmisini bermeklik kanuna garşydyr («Öý» bölüminiň aşagyna serediň).

 

Jenaýat jogapkärçiligine çekmek

Beden temmisiniñ jenaýat jogapkärçiliginiñ temmisi hökmünde ulanylmagy kanuna garşydyr. Jenaýat kanunçylygynda kazyýet tarapyndan beden temmisini bermek barada höküm ýokdur.

 

[1] Halkara başlangyja laýyklygy, 13-nji ýanwar, 2013 ý.

Türkmenistanyñ adam hukuklary boýunça Bütindünýä synynyñ beren hasabaty

Türkmenistan 2008-nji ýylda Bütindünýä synynyñ ilkinji tapgyrynda (3-nji sessiýa)  seljerildi. Beden temmisi bilen bagly hiç-hili maslahatlar berilmedi.

Seljermäniñ ikinji tapgyry (16-njy sessiýa) bolsa 2013-nji ýylda geçirildi. Aşakdaky maslahatlar öñe sürüldi we döwlet tarapyndan tassyklanyldy:[1]

«Beden temmisini bermegiň ähli görnüşlerini ähli ýerlerde, şol sanda durmuş hyzmatlary edaralarynda hem gadagan etmeli (Moldowiýa respublikasy)».

Seljermäniñ üçünji tapgyry (30-njy sessiýa) bolsa 2018-nji ýylda geçirildi. Çagalara beden temmisiniň berilmegi bilen bagly hiç-hili goşmaça maslahatlar berilmedi.

 

[1] 5-nji iýul, 2013 ý. A/HRC/24/3. Işçi toparyň hasabaty, 112-nji (28) bölüm

Adam hukuklary guramalary tarapyndan berlen maslahatlar

Çaga hukuklary baradaky Komitet

(4-nji fewral, 2015 ý., CRC/C/TKM/CO/2-4 Redaktirlenmedik görnüşi, ikinji-dördünji hasabat we 34-35-nji bölümler jemlenilýär)

«Çagalara beden temmisini bermek kanun tarapyndan gadagan edilsede, Komitet beden temmisi baradaky düşünjäniň doly ornaşdyrylmandygyny we beden temmisiniñ öýlerde heniz hem çaga terbiýesinde ulanylýandygyny belläp geçýär.

«Komitetiň beden temmisi hakyndaky 8 belgili (2006 ý.) umumy teswirine laýyklykda, hökümet edarasyna şu çäreleri görmek maslahat berilýär:

a) çagalara beden temmisini bermegiň ähli ýerlerde doly gadagan edilmegini gazanmak üçin ähli zerur çäreleri görmeli;

b) çaga hukuklary bilen bagly maksatnamalaryñ we habardar ediji çäreleriň üsti bilen beden temmisiniñ gadagandygyny we çaga hukuklaryna garşydygyny wagyz etmeli, hem-de çagalara bu babatda arz-şikaýat etmegiň tertibini düşündirmeli; we

ç) çagalary ýowuz terbiýelemegiň ýaramaz netijeleri we ahlakly, zorluksyz terbiýelemegiň görnüşleri barada ata-enelere gönükdirilen jemgyýetçilik-bilim çärelerini geçirmeli».

 

Çaga hukuklary baradaky Komitet

(2-nji iýun, 2006 ý., CRC/C/TKM/CO/1, Ilkinji hasabat baradaky netije 46 we 47)

Çaga hukuklarynyñ kepillikleri baradaky kanunyň 24-nji maddasy (3) beden temmisini bermegi gadagan edýän bolsada, Komitet bu hili temminiň çaga terbiýesinde giñden ulanylýandygy baradaky pikirini bildirýär.

«Çagalary beden temmisinden we beýleki kemsidiji temmi bermek görnüşlerinden goraýan Çaga hukuklary baradaky 8 belgili (2006 ý.) umumy teswiri nazara almak bilen, Komitet, hökümet edarasyna çagalara beden temmisini bermegiň ähli görnüşlerini ähli ýerlerde açyk gadagan edýän kanunlary we düzgünleri girizmegi we olary berjaý etmegi maslahat berýär. Şeýle hem, hökümet edarasy jemgyýetde we iş ýerlerde beden temmisine garşy wagyz-nesihat işlerini, öýde, guramalarda we jemgyýetde çaga terbiýesi we okuwynda zorluksyz, ahlakly we ikitaraplaýyn gatnaşygy artdyrýan okuw çärelerini geçirmelidir».

Soňky on ýylyň içinde geçirilen ýaýraw/pikir barlaglary

Hiç birisi  ýüze çykarylmady.

This page has been translated by our partner, Translators without Borders. For any comments or corrections on the content or translation, send an email to info@endcorporalpunishment.org

Translators_without_Borders